Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew kasam kabul etdi


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew 29-njy aprelde bäşinji möhlet prezidentlige kasam kabul etdi. Bu çäre halkara gözegçileri tarapyndan tankyt edilen saýlawlarda Nazarbaýew ýeňiş gazanandan üç gün soň geçirildi.

74 ýaşly Nazarbaýew Astanada ýerleşýän Garaşsyzlyk kögünde Gazagystanyň konstitusiýasynyň üstüne sag elini goýup, prezidentlik wezipesine kasam kabul etdi.

Ol Gazagystanyň öz daşary syýasatynda deňagramlylygy saklamagy dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Biz öz strategik taýdan ähmiýetli hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmegi dowam etdireris” diýip, Nazarbaýew Russiýanyň, Hytaý halk respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we yslam dünýäsiniň atlaryny agzap geçdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçileri gazak saýlawlarynda “ynamdar oppozisiýanyň” ýetmezçilik edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG