Sepleriň elýeterliligi

Masimow gaýtadan wezipä bellenildi


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Karim Masimowy gaýtadan ýurduň premýer-ministri wezipesine belledi.

Nazarbaýewiň metbugat gullugynyň beren maglumatyna görä, 29-njy aprelde gazak kanunçykaryjylary Nazarbaýewiň hödürlän dalaşgärini, ýagny Masimowy biragyzdan kabul edensoň, gazak prezidenti Masimowy gaýtadan wezipä bellemek barada karara gol goýdy.

Bu wakanyň öňýanynda, Astanada Nazarbaýew bäşinji möhlet prezidentlige kasam kabul etdi.

49 ýaşly Masimow 2007-2012-nji ýyllar aralygynda we 2014-nji ýylyň aprel aýyndan häzire çenli Gazagystanyň premýer-ministri wezipesinde işleýär.

XS
SM
MD
LG