Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan guş importyny bes etdi


Gazagystan goňşy Orsýetiň Astrahan regionyndan guşy import etmegini bes edip, bu ýerde guş dümewiniň ýüze çykandygyny aýtdy.

Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi guş importynyň 28-nji aprelde togtadylandygyny habar berdi.

Geçen hepdede gazak resmileri Orsýetiň Rozkomnadzor gözegçilik agentligi Gazagystandan bugdaý önümleriniň satyn alynmagyna gadagançylyk girizensoň, Orsýetde öndürilen ýag, şokolad, süýji we maýonez önümleriniň importyny wagtlaýyn togtadypdylar.

Aprel aýynyň başynda Orsýetiň häkimiýetleri Gazagystandan süýt önümleriniň importyny bes etdiler.

Käbir media maglumatlarynda Orsýetiň we Gazagystanyň arasyndaky häzirki ýagdaý “söwda urşy” diýlip atlandyryldy. Bu iki döwlet ýakyn söwda partnýorlary bolup, şu ýyl döredilen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini esaslandyryjy ýurtlardyr.

XS
SM
MD
LG