Sepleriň elýeterliligi

Nepal: Ýer titremede aman galan ýetginjek halas edildi


Halas edilen ýetginjek Pemba Tamang, Kathmandu, 30-njy aprel, 2015

Halas edilen ýetginjek Pemba Tamang, Kathmandu, 30-njy aprel, 2015

Nepalyň resmileri Katmanduda heläkçilikli ýer titremeden bäş gün geçensoň bir ýetginjegiň harabalygyň astyndan çykarylandygyny habar berdiler.

Emma halas edilen oglanyň ady we ýaşy barada gapma-garşylykly maglumatlar peýda boldy.

Polisiýanyň metbugat-wekili Kamal Singh Bam 15 ýaşly oglanyň halas edilendigini aýtdy, diýip Frans Press agentligi (AFP) habar berdi.

“Associated Press” polisiýa salgylanyp 18 ýaşly Pemba Tamang atly oglanyň harabalykdan çykarylandygyny aýtdy.

Oglanyň ýumrulan binanyň iki gatynyň harabalygynyň astynda galandygy USAID guramasynyň toparynyň lideri Andrew Olwera halas edişligiň öňüsyrasynda aýdypdy.

25-nji aprelde bolan ýer titremede heläk bolanlaryň sanynyň 5500 adamdygy aýdylýar. Nepalyň häkimiýetleri 11 440 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG