Sepleriň elýeterliligi

Aktiwistler hukuk gürrüňine çagyrýar


ÝB-niň we Türkmenistanyň baýdaklary

ÝB-niň we Türkmenistanyň baýdaklary

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary (Wena) bilen “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlugy” guramasy Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary, ÝB-niň energiýa meseleleri boýunça Komissary Maroş Şefçowiçe ýüzlenme çap etdi.

Azatlyk radiosy bu ýüzlenmede gozgalýan meseler barada «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary, ÝB-niň energiýa meseleleri boýunça komissary Maroş Şefçowiçe, Türkmenistana edýän sapary bilen baglylykda, ýüzlenme çap edipsiňiz. Siziň ondan esasy talabyňyz ýa-da haýyşyňyz näme?

Farid Tuhbatullin: Hakykatdanam şeýle, ol 29-njy aprelde Aşgabada gitmelidi we häzir belki eýýäm şol ýerdedir. Biz öz ýurdumyzda, Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak üçin Ýewropa Bileleşigi, ÝB-niň beýleki gurluşlary, Ýewropa parlamenti, Ýewropa Komissiýasy bilen eýýäm birnäçe ýyl bäri işleşip gelýäris.

Ýewropa Bileleşiginiň kabul eden dokumentlerine görä, olar halkara arenasynda demokratiýa ýörelgelerini, kanunyň hökmürowanlygyny we adam hukuklaryny ilerletjek bolmaly.

Onsoň biz, onuň maksatlary başga-da bolsa, bu pursatdan peýdalanmak kararyna geldik. Sebäbi ol Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşýar. Netijede, biz ondan Türkmenistanda adam hukuklary meselesini hem gozgamagy haýyş etdik.

Azatlyk Radiosy: Siz ýewropaly resminiň maksadynyň başgadygyny ýaňzytdyňyz, ýagny Ýewropa Türkmenistandan gaz almakçy bolýar. Bu ýagdaýda Aşgabatdaky ýokary derejeli gepleşikler mahalynda adam hukuklary meselesiniň öňe çykyp biljegine, bu ugurda nähilidir bir netije boljagyna ynanýaňyzmy?

Farid Tuhbatullin: Sözsüz, Ýewropa Bileleşigi, şu ýyl oňa gol çekiljek bolsa-da, Türkmenistan bilen baglaşylmaly Wagtlaýyn söwda şertnamasyna köp ýyl bäri gol çekmän gelýär. Bu şertnama şu wagta çenli gol çekilmezligi Türkmenistanyň adam hukuklary we demokratiýa barada öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmezligi bilen bagly.

Biz köp ýyl bäri şu ýagdaýa ünsi çekýäris we netijede Wagtlaýyn söwda şertnamasyna gol çekmek soňa goýulýar. Ýogsa bu şertnama gol çekilse, Türkmenistan Ýewropa bilen erkin söwda edip biljek, diňe gaz satmak däl, ykdysadyýeti, biznesi ýaýbaňlandyryp biljek.

Biz Türkmenistanyň Ýewropa bilen ykdysady hyzmatdaşlyk etmegine garşy däl, emma biz Ýewropa Bileleşiginiň öz standartlary, öz ýörelgeleri esasynda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny başda goýmagyny talap edýäris. Bizde türkmen häkimiýetlerine täsir ýetirmek, ol ýa-da beýleki ýiti meseläniň çözgüdi üçin prezidente ýa mejlise ýüz tutmak mümkinçiligi ýok we şu sebäpden halkara gurluşlaryna ýüzlenmeli bolýarys.

Azatlyk Radiosy: Siz öz ýüzlenmäňiziň gapdalyna adam hukuklary barada heniz çap edilmedik synyňyzy hem goşandygyňyzy aýdýarsyňyz. Iki agyzda aýtmaly bolsa, bu synda esasan nämelere ünsi çekýärsiňiz? Ýagny ýurtda hukuk meselesinde ilerleme barmy ýa-da yza tesilýärmi?

Farid Tuhbatullin: Biz her üç aýda ýagdaýa syn taýýarlaýarys, ýagny adam hukuklary pudagynda ilerleme barmy ýa-da yza gaýdyş barmy, analiz edýäris. Biz soňky üç aýda Türkmenistanda pozitiw ýa-da negatiw üýtgeşme bolmandygyny belledik. Bu adam hukuklary babatda şol bir ýaramaz ýagdaýyň saklanyp galýandygyny aňladýar.

Onsoň biz söz azatlygy ýagdaýynyň juda agyrdygyny, aýallaryň, çagalaryň, milli azlyklaryň wekilleriniň hukuklarynyň hemişe diýen ýaly bozulýandygyny aýdyp, jenap Şefçowiçiň ünsüni şu meselelere çekdik.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG