Sepleriň elýeterliligi

Malala hüjüm edenlere iş kesildi


Malala Yousafzai

Malala Yousafzai

Pakistanyň sudy 2012-nji ýylda aktiwist gyz Malala Ýousafzaiň janyna kast etmäge synanyşyga gatnaşmakda aýyplanan 10 adamy ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu karar Pakistanyň Khyber Pakhtunkhwa welaýatynda terrorçylyga garşy sud tarapyndan 30-njy aprelde yglan edildi.

Häkimiýetler 2014-nji ýylyň sentýabrynda goşunyň, polisiýanyň we ýörite gulluklaryň gatnaşmagynda tussag edilip aýyplanan adamlaryň “Tehreek-e-Taliban” topary bilen gatnaşykdadygyny aýdýarlar.

Malala oka tutulyp, aman galdy we çagalaryň, gyzlaryň hukuklary ugurnda göreşini dowam etdirdi. 17 ýaşly Malala 2014-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandy.

XS
SM
MD
LG