Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

D.Koreýanyň lideri Moskwa barmaz


Kim Jong Un
Kim Jong Un

Kreml Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň 1-njy maýda Ýeňiş baýramyny bellemek üçin Moskwa barmajagyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskowyň 30-njy aprelde aýtmagyna görä, Kim “Phenýanda galmak kararyna” gelipdir we bu Demirgazyk Koreýadaky içerki meseleler bilen bagly bolupdyr.

Mundan öň Orsýetiň resmileri Ikinji Jahan Uruşynda faşistik Germaniýanyň üstünde gazanylan ýeňişiň 70-nji ýyl dönümini bellemek boýunça Moskwada geçiriljek parada gatnaşmak çakylygyny Kimiň kabul edendigi aýdypdylar.

Munuň Kim Jong Unyň üç ýyl mundan ozal häkimiýet başyna geçeli bäri ilkinji daşary ýurt sapary bolmagyna garaşylypdy.

Günbatar liderleriniň ençemesi hem Moskwada boljak dabaralara gatnaşmakdan saklandylar. Olar Orsýetiň Ukraina goşulyşmagyna garşylyk bildirdiler.

XS
SM
MD
LG