Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Mosulda sakgal goýbermek buýruldy


YD-nyň harby lideri Umar al-Şişani

YD-nyň harby lideri Umar al-Şişani

«Yslam döwleti» topary, aýdylmagyna görä, Yragyň Mosul şäherinde her bir erkek adamyň sakgal goýbermegini buýurdy, ýagny ýüzde biten gyllaryň syrylmagynyň şerigat kanuny astynda haramdygyny aýtdy.

YD-nyň Mosuldaky täze karary baradaky habar 28-nji aprelde feýsbukdaky «Mosul Eye» (Mosul gözi) sahypasynda ýerleşdirildi.

"Mosul Eye" sakgal baradaky buýrugy çap etdi.

"Mosul Eye" sakgal baradaky buýrugy çap etdi.

«Mosul Eye» gizlinlikde YD jeňçileriniň 2014-nji ýylyň iýunyndan bäri Mosulda edýän hereketlerini dokumentleşdirýän ýerli taryhçynyň lakamydyr.

Bu blogçynyň şahsyýetini anyklamak ýa tassyklamak mümkin däl, emma Yrak gözegçileri onuň ýazýan zatlarynyň ynamdardygyny aýdýarlar.

«Mosul Eye» YD-nyň Mosulda ýaýradan listowkalaryny hem çap etdi. Bu listowkalar YD-nyň sakgal goýbermek baradaky buýrugyna şerigat kanunlary esasynda düşündiriş berýär.

«Mosul gözi» ýüzündäki tüýleri ösdürmek buýrugyna amal etmedik adamlaryň jezalandyryljakdygyny hem habar berýär.

YD jeňçileri sakgal-murt syrmak ýaly gadaganlyklary Yragyň we Siriýanyň beýleki bir topar ýerinde hem yglan etdiler we bu gadaganlyklar hem toparyň şerigat kanunyny özüçe radikal düşündirmesine esaslanýar.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy dekabrda YD-nyň gündogar Siriýadaky Al-Maýadin şäherinde hem şeýle gadaganlyk girizendigini aýtdy. Şeýle-de bu topar Al-Maýadiniň ýaşaýjylaryna, hristian däplerine eýerip, nika ýüzüklerini dakynmagy gadagan etdi diýip, Adam hukuklary obserwatoriýasy ýazdy.

YD öz ygtyýaryndaky ýerlerde sakgal-murt goýbermegi hökmany eden ilkinji yslamçy topar däldir.

2010-njy ýylda Somaliniň “Hizbul-yslam» topary hem Mogadişuda erkekleriň sakgal-murt goýbermegini buýurdy.

"Bu kanuny bozan islendik adam temmisini alar» diýip,"Hizbul-yslam» jeňçileri haýbat atdy.

Sakgal goýbermek hökmanylygynyň başynda duran bolsa, elbetde, owgan «Talybanydyr». Olar 1996-2001-nji ýyllarda, öz hökmürowanlyklarynyň ýetjek ýerine ýeten döwründe sakgal-murt boýunça berk düzgün girizipdiler.

Elbetde, sakgal-murt syrmakdan başga, batbörek uçurmak, gyzlar mekdebi, magnitli ses ýazgylary, aýallaryň erkek garyndaşy bolmazdan daşarlaryk gitmegi hem gadagan edilipdi.

Owganystanda hatda sakgaly ýeterlik derejede uzyn hasaplanmadyk erkekler hem jezalandyrylmaly edilipdi.

Radikal yslamçylaryň sakgal babatdaky höçjetligi sebäpli, gowuşýan habarlara görä, käbir ýurtlar sakgal-murta radikallaşmanyň alamaty hökmünde, aşa gorky bilen garap başlandylar.

Käbir ýagdaýlarda pogonophobia – sakgaldan gorky has uzaklara hem baryp ýetdi

Täjigistanda şu hepde musulman erkeklerini sakgal syrmaga mejbur edendikleri üçin polisiýa käýinç berildi.

Owganystanda «Talybanyň» sakgala aşa üns bermegi owganlaryň köpüsiniň diňe sakgally» “talybanlardan» däl, eýsem Günbataryň ýörite güýçleriniň sakgally adamlaryndan hem howatyr etmegine alyp geldi diýip, “Foreign Policy" 2009-njy ýylda belledi.

"Kandahar welaýatynyň Žari etrabynda ýaşulular «sakgally amerikanlaryň juda ýowuz bolandygyny», emma sakgalyny syran amerikanlaryň beýle erbet bolmandyklaryny aýtdylar» diýip, «Foreign Policy» ýazdy.

Orsýetiň Beýik Pýotry 1698-nji ýylda, döwrebaplyk syýasatynyň bir bölegi hökmünde, ýüzde bitýän tüýlere garşy uruş yglan edip, sowat-düşünjeli ruslardan başlap, daýhanlara çenli, syrmakdan ýüz öwrenlere, hökmany sakgal salgydyny girizipdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG