Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleleri boýunça wise-prezidenti Maroş Şefçowiç Aşgabatda ÝB-niň Hazarýaka sebitiniň tebigy gazyny Ýewropa 2019-2020-njy ýyllardan eksport edip başlamak isleýändigini aýtdy.

Ol 30-njy aprelde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy we gepleşikleriň netijeleri barada beren telegürrüňinde Türkmenistan we ÝB arasynda energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda maslahat edilendigini aýtdy.

«Prezidentiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bu proýektlere gatnaşmak babatda syýasy erk-islegi bar, Ýewropanyň bolsa, öz energiýa ýollaryny dürlüleşdirmeklige syýasy islegi bar» - diýip, Şefçowiç nygtady.

Şeýle-de Şefçowiç türkmen lideri bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýewropa bazaryna gelýän energiýa resurslaryny diwersifikasiýa etmek programmasy barada pikir alşandygyny sözüne goşdy.

«Biz energiýanyň günorta koridor proýektiniň özümiz üçin möhüm strategiki proekt bolup durýandygyny anyk kesgitledik, sebäbi ol energiýa ugurlaryny we çeşmelerini diwersifikasiýa etmäge ukyply. Biz Hazarýaka sebitiniň tebigy gazynyň Ýewropa 2019-2020-njy ýyllardan iberilip başlanmagyny isleýäris» - diýip, Ýewropanyň energiýa komissary aýtdy.

Maroş Şefçowiçiň sözlerine görä, anna güni Aşgabatda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we ÝB-niň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän maslahat hem tebigy gaz ibermek baradaky proýektler meselesine bagyşlanýar.

Şefçowiç türkmen lideri bilen gepleşikler mahalynda Hazarüsti geçirijisini gurmagyň mümkinçilikleri, şeýle-de Eýranyň territoriýasyny ulanmak barada hem gürrüň edilendigini belledi. Onuň sözlerine görä, häzir Eýran bilen diplomatiki gatnaşyklar oňyn ugra ösýär we dünýäniň alty iri döwletiniň Tähran bilen geçirýän gepleşikleri üstünlikli soňlanjaga meňzeýär.

Ýewropa resmisiniň pikirine görä, Nabukko proektine ýeterlik üns berilmedi we ol şu sebäpden bir topar kynçylyga uçrady. Şefçowiç Ýewropa Komissiýasynyň Ýewropanyň iri gaz kompaniýalaryna ýüzlenip, olaryň kommersiýa bähbitlerini we bu proýektlere gatnaşmak isleglerini öwrenjekdigini aýtdy. Ol Ýewropa Komissiýasynyň bu ugurdaky tagallalarynyň ozalky ýyllardaka garanda has tutanýerli boljagyna umyt bildirdi.

Şeýle-de Şefçowiç türkmen prezidenti bilen Hazaryň üstünden geçiriji gurulmagynyň mümkin bolan ekologiýa töwekgellikleri barada maslahat edendigini aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, hünärmenleriň bu ugurdaky barlaglary gaz geçirijisini gurmagyň sebite ekologiýa howpuny salmaýandygy barada oňyn netijeleri berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerine elýeterliligi üçin Kaspi deňziniň üstünden Türkmenistan bilen Azerbaýjany baglaýan gaz geçirijisiniň gurulmagy zerur.

Bu iki döwlet şeýle geçirijiniň Hazaryň içinden gurulmagy üçin onuň geçýän territoriýasynda ýerleşýän ýurtlaryň ylalaşygy ýeterlik diýip hasaplaýar. Emma Orsýet, Eýran ýaly ýurtlar, Kaspi deňziniň hukuk durumy kesgitlenýänçä, munuň ýaly proýektler hazarýaka döwletleriniň ählisiniň razylygy esasynda gurulmaly diýip hasaplaýarlar we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň pozisiýasyna garşy çykýarlar.

TDH-nyň we “RIA Nowosti» habar gullugynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG