Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa: Oppozision lidere aýyplama bildirildi


Makedoniýanyň döwlet prokurory gizlin gözegçilik skandalyndaky roly bilen baglanyşykly tanymal oppozision syýasatça garşy resmi taýdan aýyplama bildirdi. Şol skandalda dokuz ýyl bäri premýer-ministr wezipesini ýerine ýetirýän Nikola Gruewski häkimiýetden çetleşmek bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.

30-njy aprelde çap edilen beýanatda prokuror, “Sosial demokratlar” atly oppozision partiýanyň lideri Zoran Zaýew “döwletiň iň ýokary derejeli edaralarynyň wekillerine garşy ýowuzlygy” amala aşyrmakda aýylanar diýýär.

Bu aýyplamalar gizlinlikde ýazgy edilen telefon gepleşikleri bilen baglanyşyklydyr. Zaýew tarapyndan ýaýradylan şol audio ýazgylarda Gruewski we beýleki ýokary derejeli resmiler ýurduň kazylaryny bellemekde we öz partiýalarynyň agzalaryny döwlet işlerine ýerleşdirmekde dildüwşik edýän ýaly bolup görünýär.

Zaýew dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG