Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nepal: Ölenleriň sany 6200-den aşdy


Nepalda bolan ýer titremede ölen adamlaryň sany 6 200-den geçdi diýip, ýurduň Içeri işler ministrliginiň resmilerine salgylanyp “Reuters” habar gullugy habar berýär.

Maliýe ministri Ram Şaran Mahatyň aýtmagyna görä, Nepal ýurtdaky ýaşaýyş jaýlary we edaralary gaýtadan gurmak üçin 2 milliard amerikan dollaryna zerurlyk duýýar.

Birleşen Milletler Guramasy 25-nji aprelde Nepalda bolan ýer titremäniň 8 million adama öz täsirini ýetirendigini habar berýär. Maglumata görä, öňümizdäki üç aýyň dowamynda 2 million çemesi adam çadyrlara, suw we azyk serişdelerine zerurlyk duýar.

Şu hepdäniň başynda Nepalyň premýer-ministri Suşil Koirala ýer titremede wepat bolanlaryň sanynyň 10 müňe çenli ýetip biljekdigini aýdypdy.

Nepalda 1934-nji ýylda bolan ýer titremede 8 500 adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG