Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Türkmen gazy Eýranyň üsti bilen import edilip bilner


Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça komissary Maros Şefçowiç Ýewropa Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen import edip biler diýdi. Şefçowiçiň bu çykyşy Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň energiýa çeşmelerine bolan öz garaşlylygyny aradan aýyrmaga synanyşýan mahaly bolup geçdi.

Şefçowiç 30-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda geçiren gepleşikleri döwründe Hazarüsti gazgeçirijisini gurmagyň mümkinçilikleri, şeýle-de Eýranyň territoriýasyny ulanmak barada hem gürrüň edilendigini belledi. Onuň sözlerine görä, Eýran bilen ýakynda gazanylan “oňyn” diplomatik ösüşler bu mümkinçiligiň döremegine sebäp boldy.

Eýranyň resmileri Hazarüsti gazgeçirijisini gurmagyň maliýe taýdan amatsyz boljakdygyny yzygiderli gaýtalap gelýärler. Olaryň aýtmagyna görä, bu gazgeçirijini Eýranyň üsti bilen gurmak has amatly bolar.

Türkmenistan dünýäniň iň uly dördünji gaz ýatagyna eýedir, emma ol gazgeçiriji infrastrukturanyň ýetmezçiliginden ejir çekýär.

XS
SM
MD
LG