Sepleriň elýeterliligi

Kosowada oppozision lider tussag edildi


Kosowanyň polisiýasy oppozision lideriň ýurduň resmisiniň öz wezipesini berjaý etmegine päsgel bermekde tussag edilendigini habar berýär.

Kosowanyň polisiýasynyň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, Dardan Molligaj daşary ýurda sapar etmek üçin ýurduň halkara aeroportuna baran mahaly, 1-nji maýda tussag edilipdir.

Molligajyň partiýasynyň resmileri oppozision lideriň Şweýsariýadaky tarapdarlary bilen duşuşmak üçin sapar etmegi planlaşdyrandygyny aýtdylar. Şweýsariýada kosowaly migrantlaryň uly jemgyýeti ýerleşýär.

Molligaj “Vetevendosje”, ýagny “Özygtyýarlylyk” atly milletçi partiýanyň ýokary derejeli resmisidir. Ol ýanwar aýynda hökümete garşy protest çäresini geçiripdir.

XS
SM
MD
LG