Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Türkmenistan din azatlygyny depeleýär


ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň 2015-nji ýyl boýunça hasabaty

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň 2015-nji ýyl boýunça hasabaty

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy 2015-nji ýyl boýunça hasabatyny çap etdi. 30-njy aprelde çap bolan hasabatda dünýäde din azatlygynyň üpjün edilişiniň ýagdaýyna baha berilýär.

Komissiýanyň 1998-nji ýylda döredileli bäri 16-njy gezek çap bolýan şu ýylky hasabatynda 33 ýurtda, şol sanda Mekezi Aziýa ýurtlarynda din azatlygynyň depelenýändigi aýdylyp, ýagdaýy özgertmek ugrunda ABŞ-nyň hökümetiniň amala aşyrmaly işleri üçin teklipler edilýär.

Hasabatda ABŞ-nyň döwlet departamentinde “uly aladalanma döredýän ýurtlaryň sanawyna” ýene sekiz ýurdy Merkezi Afrika Respublikasyny, Müsüri, Yragy, Nigeriýany, Pakistany, Siriýany, Täjigistany we Wýetnamy goşmak teklip edilýär.

2015-nji ýyl boýunça hasabatda “uly aladalanma döredýän ýurtlaryň” sanawynda geçen ýyldan bäri görkezilýän ýurtlaryň hataryndaky Türkmenistany bu ýerde ýene galdyrmak we bu ýurtlar babatynda din azatlygyny goldamak boýunça goşmaça aksiýalary amala aşyrmak teklip edilýär. Türkmenistan “uly aladalanma döredýän ýurtlaryň” toparynda Birma, Hytaý, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Saud Arabystany, Sudan we Özbegistan bilen bilelikde görkezilýär.

Türkmenistanyň ýagdaýyna baha

Türkmenistan öňki Sowet Soýuzynda iň ýapyk ýurt diýlip hasabatda berlen baha laýyklykda, Türkmenistanda hökümetiň düýpli gözegçiliginiň astynda din azatlygynyň güýçli depelenmegi bilen bagly ýagdaý saklanyp galýar. Polisiýanyň hasaba alnan we alynmadyk guramalara çozuşlary dowam etdirilýär. Ýurduň kanunlary, syýasaty we hereketleri halkara adam hukuklarynyň düzgünlerini, şol sanda din we ynanç azatlyklaryny depeledi, şeýle-de ýurduň täze administratiw düzgünleri "bikanun”diýlip häsiýetlendirilýän dini hereket üçin jezany güýçlendirdi.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça şu ýylky hasabatynda türkmen hökümetiniň dini jemgyýetleriň içerki işlerine we hereketlerine goşulyşýandygy bellenýär.

Türkmenistanyň kanunlary raýatlara harby gullukdan başga alternatiw gullugy teklip etmeýär, häzir “Iýegowa şaýatlary” dini toparynyň azyndan bir agzasy tussaglykda saklanýar. Bu hukuk bozmalaryň esasynda ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komiteti 2015-nji ýylda ABŞ-nyň hökümetine Tükmenistany ýene-de “uly aladalanma döredýän” ýurt hökmünde kesgitlemegi teklip edýär. Döwlet Departamenti Türkmenistany bu topara ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň 2000-nji ýyldan bäri teklibi boýunça 2014-nji ýylda ilkinji gezek goşupdy.

Rekomendasiýalar

Hasabatda Türkmenistanyň bu sanawdan çykarylmagy üçin ýurtda takyk reformalaryň geçirilmegini talap edilmelidigi aýdylýar we Döwlet Departamentiniň şeýle talaplary öňe sürmelidigi aýdylýar: Düýpli kanun reformasy geçirilmeli; polisiýa reýdleriniň soňuna çykylmaly, tussaglar boşadylmaly; dindarlaryň daşary ýurtly pikirdeşleri bilen gatnaşyklaryna ýol berilmeli.

Şeýle-de ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça hasabatynyň Türkmenistana degişli böleginde aýdylyşyna görä, ABŞ-nyň ilçihanasy adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bilen aktiw kontaktlaryny ýaýbaňlandyrmaly we türkmen hökümetine her bir tussagyň öz maşgalasy we adam hukuklary boýunça synçylar bilen gatnaşykda bolmagyny we talaba laýyk medisina kömegi hem aklawçylar elýeterligini üpjün etmegi talap etmeli. Türkmenistanda dini azatlyklar we adam hukuklary boýunça ýagdaýa ikitaraplaýyn gepleşiklerde we halkara maslahatlarda, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-nyň ýygnaklarynda aladalanma bildirmeli; BMG-niň Merkezi Aziýada prewentiw diplomatiýa boýunça regional merkeziniň alyp barýan işiniň adam hukuklaryna degişli bölegini güýçlendirmäge itergi bermeli. Türkmen hökümetini BMG-niň Din we ynanç azatlyklary boýunça we Garaşsyz sud hem gynamalar boýunça ýörite hasabatçylarynyň ýene Türkmenistana barmagyna rugsat berilmegini, munuň üçin wagtyň kesgitlenmegini hem ähli şertleriň döredilmegini talap etmeli.

Gubernatorlaryň tele-radio gepleşikler geňeşi (BBG) dini azatlyklar barada radiogepleşikleri we internet programmalaryny, şol sanda yslam we demokratiýa täze informatiw websaýtyny ýaýbaňlandyrmaly we onlarça ýyllap dowam eden üzňelikden çykmak üçin adam hukuklary we esasy bilim boýunça informasiýany ýaýbaňlandyrmaly diýlip, ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň 2015-nji ýyl boýunça hasabatynda aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG