Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýa 234 ýesiri azat etdi


Nigeriýanyň harbylary “Boko haramyň» ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky tokaýçylykda ýerleşýän mesgeninden ýene-de 234 aýal-gyzy azat etdi.

Häkimiýetler bu habary 1-nji maýda aýtdylar. Bu şu hepde halas edilen zenanlaryň sanyny 677-den aşyrýar.

Harbylar jeňçi toparyň mesgenine howadan urlan zarbalardan soň, Zambisa tokaýlygyna gury ýer goşunlaryny hem ýerleşdirýärler.

Harbylar halas edilen zenanlaryň, şol sanda göwreli bolanlaryň saglygyny barlamak üçin medisina toparynyň hem iberilendigini aýtdylar.

«Amnesty International» jeňçileriň geçen ýyl 2000 çemesi gelin-gyzy alyp gaçandygyny çaklaýar.

Alty ýaşyndaky «Boko haram» pitneçiligi Nigeriýada we goňşy ýurtlarda 13 müň çemesi adam öldürdi, azyndan 1.5 million adamy öýünden gaçmaga mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG