Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar


Birleşen Ştatlar Özbegistany oppozisiýadaky žurnalist, 1999-njy ýyldan bäri türmede saklanylýan Muhammad Bekjanowy azat etmäge hem-de žurnalistlere garşy girizilen çäklendirmeleri azaltmaga çagyrdy.

“Biz Özbegistanyň hökümetini jenap Bekjanowy azat etmäge hem-de garaşsyz žurnalistleriň zorluga uçramakdan gorky-howatyrsyz işläp bilmegi üçin zerur bolan çäreleri görmäge çagyrýarys” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jeff Rathke 1-nji maýda Waşingtonda bolan brifiňde aýtdy.

Onuň bu sözleri 3-nji maýda bellenýän Bütindünýä Metbugat azatlygy gününiň öň ýanyna gabat geldi. Hukuk goraýjy aktiwistler oppozisiýadaky «Erk» gazetiniň ozalky baş redaktory Bekjanowyň dünýäde iň uzak türmede saklanan žurnalistleriň biridigini aýdýarlar.

«Human Rights Watch» guramasy onuň 1999-njy ýylda özbek howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Kiýewde tutulyp, alnyp gaçylandygyny, tussaglykda gynalandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG