Sepleriň elýeterliligi

BMG rus talabyny goldamaýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 1-nji maýda geçiren adatdan daşary ýygnanyşygynda Orsýetiň Ýemende derhal atyşygy kesmek baradaky çagyryşyny goldap bilmedi.

Orsýet uruş-gowga zerarly ysgyndan düşen ýurtda ynsanperwerçilik krizisiniň barha çuňlaşýandygyny, alty hepdä çeken howa zarbalarynyň adamlara ýangyç, azyk, derman eltmek kynçylygyny döredendigini aýdýar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun ýangyç ýetmezçiliginiň birazdan ähli kömek operasiýalarynyň togtadylmagyna getirip biljegini duýdurdy.

Orsýet ýapyk gapylaryň arkasynda geçen duşuşykda azyndan ynsanperwer kömek bermek üçin atyşygy kesmäge çagyrýan rezolýusiýa taslamasyny hödürledi.

Diplomatlar rus teklibiniň ýüz ugruna ret edilmändigini, geňeş agzalarynyň maslahatlaşmagy üçin wagt gerekdigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG