Sepleriň elýeterliligi

Farhundany öldürenler sud edilýär


Mart aýynda Kabulda bir zenany üýşüp öldürmekde güman edilýän adamlara garşy sud seljerişligi başlandy.

Telewideniýede göni alnyp görkezilýän sud 2-nji maýda başlandy we onda güman edilýän 49 adamyň, şol sanda birnäçe polisiýa ofiseriniň garşysyna bildirilýän aýyplamalara seredilýär.

Olar 19-njy martda 27 ýaşly Farhundany urup öldürmekde güman edilýär.

Farhunda "Kurany" otlapdyr diýen galp aýyplama esasynda urlup öldürilenden soň, jesedi otlanyp, Kabul derýasyna zyňyldy.

XS
SM
MD
LG