Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Odessada ýangyn pidalary ýatlandy


Ukrainanyň Odessa şäherinde bir ýyl ozal Kiýewdäki hökümetiň goldawçylary bilen garşydaşlarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda pida bolanlar ýatlanyldy.

2014-nji ýylyň 2-nji maýynda Odessada jemi 48 adam ölüpdi. Bu betbagtçylyk şäherde ýöriş geçirýän iki fraksiýanyň arasynda turan söweşlerden başlandy.

Ol profsoýuz binasyndaky ýangyn bilen soňlandy, Ukrainanyň gündogaryna awtonomiýa berilmegini goldaýan adamlar hökümet tarapdarlaryndan gaçyp, şol ýere barypdylar.

Bu ýangynyň nädip başlanandygy aýdyň däl. Şonda binanyň içinde 43 adam öldi. Kiýewde hem müň çemesi adam ýatlama demonstrasiýasyna çykdy.

Olaryň käbiri «Biz unutmarys, biz bagyşlamarys» diýen şygarlary galdyrdy.

Moskwadaky ukrain ilçihanasynyň işiginde hem merhumlaryň hormatyna şem ýakylyp, gül çemenleri goýuldy.

XS
SM
MD
LG