Sepleriň elýeterliligi

YD onlarça ýazidini öldürdi


Ýazidi deputaty 2-nji maýda «Yslam döwleti» jeňçileriniň demirgazyk Yrakdaky ýesirler türmesinde azyndan 25 ýazidini öldürendigini aýtdy.

Mahma Halil jeňçileriň ýesirleri 1-nji maýda, YD-nyň kontrollygyndaky Mosulyň golaýynda ýerleşýän Tal Afar şäherinde öldürendiklerini aýtdy.

Haliliň sözlerine görä, ol ýerdäki ýesir lagerinde şindem 1400 çemesi ýesir saklanýar.

Ýazidi Progres partiýasy biraz öň YD jeňçileriniň Tal Afarda tutulan ýazidileriň 300-den gowragyny jezalandyryp öldürendigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG