Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran resmisi duýduryş berýär


Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hosseýn-Amir Abollahian Eýranyň Ýemen bilen umumy howpsuzlyk bähbitleri bar diýdi we Tähranyň beýleki regional oýunçylaryna bu bähbitlere wehim salmaga ýol bermejegini aýtdy.

Resminiň 2-nji maýda aýdan sözleri "Tasnim" habar gullugy tarapyndan ýaýradyldy we onda beýleki ýurtlara umumy bähbitlere harby çäreler bilen wehim salmaga ýol bermezlik diýlende Saud Arabystanynyň hem beýleki arap ýurtlarynyň Ýemende alyp barýan bir aýlyk harby kampaniýasy nazara alynýar.

Şu aralykda halkara jemgyýetçiligi Ýemende barha çuňlaşýandygy aýdylýan ynsanperwerçilik krizisine üns berip başlady. Ol ýerde 1250 çemesi adamyň ölendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG