Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud koalisiýasy 'klaster ulanýar'


Hukuk topary saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň ýemendäki hüti pitneçilerine garşy klaster bombalaryny ulanýandygyny aýdýar.

«Human Rights Watch» guramasy 3-nji maýda özüniň koalisiýanyň Ýemeniň demirgazyk daglyklarynda, Saada welaýatyndaky huti mesgenine garşy howa zarbalary mahalynda klaster bombalarynyň ulanylandygyny görkezýän fotosuratlary, wideoýazgylary we beýleki subutnamalary toplandygyny aýtdy.

Klaster bombalary onlarça kiçi böleklerden ybarat bolup, käte olaryň hemmesi ýarylmaýar we hakykatda ýer minalaryna öwrülip, taşlanan wagtyndan kän soň hem adam öldürýär we maýyp edýär.

Klaster bombalaryny ulanmak 2008-nji ýyldaky şertnama esasynda, 116 ýurt tarapyndan gadagan edildi, emma Saud Arabystany we onuň ýaranlary bu şertnama girmeýär.

Saud Arabystany Ýemende klaster bombalaryny ulanandygyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG