Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Si Gazagystana, Russiýa, Belarusa sapar edýär


Hytaýyň prezidenti Si Jinpingiň Russiýa, Gazagystana we Belarusa sapar etmegine garaşylýar.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Si 7-nji maýda ilki bilen Gazagystana barar, soňra II Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 70-nji ýyldönümi mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçiriljek dabaralara gatnaşar.

Synçylar Siniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýandygyny aýdýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy Hytaý we Russiýa dawaly meselelerde, şol sanda Siriýadaky uruşda Başar al-Assadyň režimini goldamakda meňzeş pozisiýalary eýeleýärler.

XS
SM
MD
LG