Sepleriň elýeterliligi

‘Talyban’: Gepleşiklerde öňe gidişlik ýok


Owgan hökümetiniň resmileri we “Talyban” hereketiniň agzalary Dohada iki gün dowam eden gepleşikleri geçirdiler.

3-nji maýda Kataryň paýtagtynda ýapyk gapylaryň arkasynda tamamlanan gepleşiklerde birnäçe detallar öňe saýlandy.

“Talybanyň” bu gepleşiklere gatnaşýan bir agzasynyň “Reuters” habar gullugyna 3-nji maýda beren maglumatyna görä, Şer Mohammad Abbas Stanekzaýyň ýolbaşçylygyndaky sekiz agzadan ybarat talyban delegasiýasy owgan resmileri bilen göni gepleşikleri geçiripdir.

Onuň aýtmagyna görä, iki tarap ok atyşygy bes etmek barada maslahat edipdir, emma ýurtda ABŞ-nyň goşunynyň saklanyp galmagy bu pikir boýunça ylalaşyk baglaşmazlyga sebäp bolupdyr.

Owgan hökümetiniň resmileri bilen “Talyban” hereketiniň delegasiýasynyň arasyndaky gepleşikler hiç hili ylalaşyk baglaşylmazdan tamamlandy. Bu gepleşiklerde diňe Birleşen Arap Emirliklerinde başga bir duşuşyk geçirmek barada ylalaşyldy.

XS
SM
MD
LG