Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde 10 adam ýaralandy


Owganystanyň resmileri Kabulda janyndan geçeniň hökümetiň awtobusuna eden hüjüminde azyndan 10 adam ýaralanandygyny habar berýärler.

Bu bombaly hüjüm 4-nji maýda Owganystanyň prokuratura edarasynyň işgärlerini işe alyp barýan awtobusda ýüze çykdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Owgan Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiliniň orunbasary Najeeb Danişiň aýtmagyna görä, deslapky maglumatlar ýaralananlaryň ählisiniň parahat ilatdan ýaşaýjylardygyny görkezýär.

Bu hüjüm Owgan hökümetiniň delegasiýasy bilen “Talyban” hereketiniň wekilleriniň arasynda Kataryň paýtagty Dohada geçirlen gepleşiklerden bir gün soň boldy.

XS
SM
MD
LG