Sepleriň elýeterliligi

Hüjümde hindi esgerleri öldürildi


Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky harby kerwene ýaragly separatistleriň hüjüm etmegi netijesinde azyndan sekiz hindi esgeri öldi we başga-da bäş sanysy ýaralandy.

Hindistanyň polisiýa resmisiniň 4-nji maýda beren maglumatyna görä, 3-nji maýda ýurduň Mýanmar bilen serhediniň golaýyndaky çetki Nagaland sebitinde söweşijiler bombany partlatmazdan ozal, harbylara ot açypdyr.

Resmileriň aýtmagyna görä, başga-da dört hindi esgeri ýitirim bolupdyr.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, Nagalandyň bikanun Milli sosialistik geňeşi bu hüjümi amala aşyrmakda şübhelenilýär.

XS
SM
MD
LG