Sepleriň elýeterliligi

Luhansk: Iki ukrain esgeri öldi


Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk regionynda ýere düşelen minanyň partlamagy netijesinde iki ukrain esgeri öldi we başga-da üç sanysy ýaralandy.

Luhanks regionynyň ukrain ýolbaşçysy Hennadiý Moskalyň 4-nji maýda beren maglumatyna görä, Ýekateriniwka obasynyň golaýynda ukrain harby ulagy minanyň üstünden barypdyr.

Moskalyň aýtmagyna görä, Luhanskyň Popasne etrabynda bolan partlamada iki adam heläk boldy.

Ukrainanyň Luhanks regionynyň günorta bölegine Russiýa tarapdar separatistler tarapyndan kontrollyk edilýär.

XS
SM
MD
LG