Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Spartak” ermenileri başga ýere geçirmekçi diýilýar


Aras Ozbilis
Aras Ozbilis

Ermenileriň we türkleriň arasynda uzak wagt bäri dowam edýän duşmançylyk garaşylmadyk bir ýerde ýüze çykdy: Orsýetiň ”Spartak” futbol klubunda.

Premýer liga klubunyň milliarder eýesi Leonid Fedun, habar berlişine görä, komandanyň treneri etnik türk Murat Ýakine garşy çykyş eden ermeni milletli iki futbolçyny başga ýere geçirmekçi bolýar.

Bu maglumatlar Osman imperiýasynda 1.5 million ermeniniň gyrylmagynyň 100-nji ýyl dönüminiň bellenmeginiň daşynda Ermenistanyň we Türkiýäniň arasynda dartgynlylygyň güýçlenmeginiň yz ýany peýda boldy. Ermenistan we dünýäniň 20-den gowrak ýurdy ermenileriň gyrylmagyny genosid diýip atlandyrýarlar.

Orsýetiň “Izwestiýa” gündeliginiň 1-nji maýda habar bermegine görä, Fedun klubuň ýolbaşçylaryna ermeni milletli Aras Ozbilisi we Ýura Mowsisýany başga klublara geçirmegi tabşyrypdyr.

Aras Ozbilis

Bu dawa geçen hepdede, “Spartagyň” müdiri Roman Aşhabadzeniň 25 ýaşly Ozbilisiň Ýakini guramaçylyk işlerine milletparazlyk esasynda çemeleşmekde aýyplandygy barada aýdylýan ýagdaý sebäpli sylagdan mahrum edilip bilinjekdigini mälim edeninden soň ýüze çykdy.

Orsýetiň “Sport-Ekspress” gazetinde çap edilen interwýusynda Ozbilis, şikesi gutulyp, täzeden komanda gaýdyp gelensoň şweýsariýaly trener, etnik türk Ýakin tarapyndan birinji derejedäki topara alynmazlygynyň sebäbi milletiniň ermeni bolanlygy üçindir öýdýär.

“Sport-Ekspress” neşirine görä, Ozbilis Ýakiniň kararynyň özüne 24-nji aprelde Ermenistanyň Birinji jahan urşy döwrüniň gyrgynçylygynyň 100-nji ýyl dönümini bellän güni yglan edilendigini aýdypdyr.

29-njy aprelde Ozbilis ”championat.com” sport täzelikleri websaýty bilen söhbetdeşliginde öz interwýusynyň käbir bölekleriniň üýtgedilendigini aýtdy. Ol etnik sebäpleri hiç wagtda çak etmändigini, sebäbi Stambulda doglup, türkçe bilýändigini we öz garyndaşlarynyň hem dostlarynyň Türkiýede ýaşaýandygyny aýtdy.

Ýura Mowsisýan

27 ýaşly Mowsisýanyň, Ýakine garanda öňki treneriň “Spartaga” has gowy ýolbaşçylyk edendigini aýdanlygy habar berildi. Şweýsariýanyň we Türkiýäniň goşa raýatlygyna eýe bolan Ýakin trener wezipesine 2014-nji ýylda geçdi.

Azerbaýjanda doglan, Ermenistanyň we ABŞ-nyň raýatlyklaryna eýe bolan Mowsisýan Premýer Liga ýaryşlarynda şu möwsümde, özalky ýyllardan tapawutlylykda garşydaşlaryň derwezesine iki gol ge,irmegi başardy.

Bu iki oýunçynyň agenti Waleriý Ohanesýan Orsýetiň “Sowetskiý sport” gazeti bilen söhbetdeşliginde Ozbilisiň we Mowsisýanyň “häzir klubuň haýryna oýnamagyň ugrundadyklaryny” habar berdi we olary başga ýere geçirmek boýunça planlar barada özüniň eşitmändigini belledi.

“Olar häzir ruhy taýdan gowy ýagdaýda däl, emma öň has erbetdiler. Biz munuň nähili boljagyny göreris. Biz gelejek barada karara Orsýetiň çempionaty gutaransoň geleris” diýip, Waleriý Ohanesýan aýtdy.

XS
SM
MD
LG