Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik işçileri Rus bazasyndan kowuldy


Täjigistanyň günortasynda ýerleşýän Orsýetiň harby bazasynyň 17 işgäri özleriniň tölenmedik aýlyk haklary barada protest geçirenden soň, işden kowulandygyny aýdýar.

Russiýanyň Kulobdaky 201-nji bazasynda işleýän Said Zubaidow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda täjigistanly işgärleriň 5-nji maýda wezipesinden kowulandygyny mälim etdi.

Zubaidowa we beýleki ýerli işgärlere azyndan alty aý bäri aýlyk haky tölenmeýär.

Bu barada agzalýan bazanyň resmileri ýa-da işçileri işe çekmek boýunça jogapkär “Bit Service-Plus” alty firma henize çenli beýanat bilen çykyş etmedi.

Ýakynda “Bit Service-Plus” firmasy Russiýanyň harby bazasynyň gürrüňi gidýän işçilere aýlyk haklaryny tölemändigini tassyklapdy.

15-nji aprelde 30 çemesi işçi gürrüňi gidýän bazanyň öňünde protest çäresini geçiripdi.

XS
SM
MD
LG