Sepleriň elýeterliligi

Madonna, Beyonce we beýlekiler sergä gatnaşdy


Birleşen Ştatlarda geçirilen sergide dünýäniň meşhur ýyldyzlary Hytaýyň moda dünýäsini bellediler. 4-nji maýda Nýu-Ýorkyň Metropolitan sungat muzeýinde geýim instituty "China Through the Looking Glass” atly täze sergisini görkezdi. Bu sergide hytaý sungatynyň, medeniýetiniň Hytaý imperiýasy döwründen häzirki wagta çenli Günbataryň modasyna we dizaýnyna ýetiren täsiri görkezilýär. Bu sergide 40 moda dizaýneriniň 150 çemesi geýim-gejimleri görkezilip, ol 7-nji maýdan 16-njy awgusta çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG