Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Teksas: "YD"-y hüjümi öz üstüne aldy


“Yslam döwleti” atly topar geçen hepdäniň soňunda Amerikanyň Tehas ştatynda musulmanlara garşy geçirilen çärede bolan ok atyşyga özüniň jogapkärdigini we munuň toparyň Birleşen Ştatlarda amala aşyran ilkinji hüjümidigini öňe sürdi. Gürrüňi gidýän sergide Muhammet pygamberiň karikaturalary görkezilipdi.

“Yslam döwleti” atly toparyň 5-nji maýda beren maglumatynda, Tehasdaky sungat sergisine hüjüm eden iki adamyň söweşiji toparyň agzasydygy aýdylýar.

3-nji maýda Dallas şäheriniň çetindäki Garland sebitinde geçirilen çärede ýaragly Elton Simpson we onuň hyzmatdaşy Nadir Sufi, wakanyň bolan pursady öz wezipe borçlaryny berjaý etmeýän polisiýa ofiseri we SWAT atly ýörite gullugyň işgäri tarapyndan atylyp öldürilýär.

4-nji maýda Birleşen Ştatlaryň derňewçileri agzalýan çärede ot açan Simpsony berk derňändiklerini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG