Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Somali döwletine bardy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri 5-nji maýda Somali döwletine bardy.

Somali ýurtda iki onýyllykdan bäri dowam edýän uruşdan we “Al-Şabab” atly toparyň söweşijileri tarapyndan amala aşyrylýan yslamçy gozgalaňlara garşy ençeme ýyl bäri dowam edýän söweşlerden soň, ýurdy gaýtadan dikeltmekde ejir çekýär.

Bu waka, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň ilkinji gezek Somali döwletine sapar edendigini görkezýär.

Kerri bu saparynyň çäginde Somaliniň prezidenti Hassan Şeýh Mohamud, ýurduň premýer-ministri, welaýat liderleri we raýat jemgyýetçilik guramalary bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Howpsuzlyk aladalanmalary sebäpli Birleşen Ştatlaryň resmileri duşuşyklaryň nirelerde geçiriljekdigi barada maglumat bermediler.

XS
SM
MD
LG