Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap ýarymadasynyň liderleri duşuşýar


Arap ýarymadasynyň patyşalary adatdan daşary sammiti geçirmek üçin 5-nji maýda Saud Arabystanynda duşuşýarlar. Bu sammit Ýemende şaýy pitneçilerine garşy Saud Arabystanynyň liderliginde alnyp barylýan howa zarbalary dogrusynda halkara aladalanmalaryň we regionda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan abanýan howpuň artýan mahalyna gabat geldi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Arap ýarymadasynyň Hyzmatdaşlyk geňeşine gatnaşýan Günbataryň ilkinji lideridir. Bu geňeşde sünniler agdyklyk edýär.

4-nji maýda Fransiýa we Saud Arabystany beýanat ýaýradyp, onda Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gelejekde baglanyşyljak islendik ýadro ylalaşygynyň regiony has-da durnuksyzlaşdyryp, Eýranyň goňşylaryna howp salmaly däldigi bellenilýär.

Riýadda geçiriljek sammite Bahreýniň, Kuweýtiň, Omanyň, Kataryň, Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň liderleri gatnaşýarlar.

XS
SM
MD
LG