Sepleriň elýeterliligi

Aýal-gyzlaryň ýurtdan çykmak çäklendirmeleri


Türkmenistanda aýal-gyzlara, esasan, Eýrana we Türkiýä gitmek babatynda çäklenidrmeleriň girizilýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Türkmenistanda aýal-gyzlara, esasan, Eýrana we Türkiýä gitmek babatynda çäklenidrmeleriň girizilýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Ýakynda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna şeýle mazmunly hat geldi:

“Men 12.04.2015-de öz doganymy Türkiýeden Türkmenistana ýolladym. Ol täze – “zagran” pasportyny almak üçin gitdi. Ol Türkiýede 4 ýyl bolupdy, gidende hem jerimesini töläp çykdy. Häzir Türkmenistandan yzyna gaýtjak bolanda, oňa “Türkiýä 35 ýaşdan ýaş bolanlaryň goýberilmeýändigi” aýdylypdyr. Meniň doganym 27 ýaşynda, ol Türkiýeden jerimäni töläp çykdy, “deport” goýulmady. Şu meseläni aýdyňlaşdyrmaga ýardam edäýseňiz”

Şol bir wagtda, Türkmenistanda aýal-gyzlara, esasan, Eýrana we Türkiýä gitmek babatynda çäklenidrmeleriň girizilýändigi barada maglumatlar gowuşýar. Bu iki ýurda ýaşy 35-den geçmedik aýal-gyzlaryň ýeke özleriniň gidip bilmeýändigi, olaryň ýanynda hossarlarynyň: kakasy, ejesi, ýanýoldaşy ýa-da garyndaşlyk ýagdaýyny görkezýän resminama bolmalydygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy bu barada paýtagtdaky döwlet migrasiýa gullugy bilen habarlaşanda, olar şeýle ýagdaýyň bardygyny tassykladylar.

Eýse, siz şeýle ýagdaýlara duçar bolup gördüňizmi? 35 ýaşyna çenli aýal-gyzlaryň Türkmenistandan hossarsyz çykarylmaýandygy baradaky ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolduňyzmy?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG