Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: howpsuzlyk gulluklary we hyjap


Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri 50-60 ýaşyndaky garry aýallary hem ýalygyny aýyrmaga mejbur edipdirler.
Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri 50-60 ýaşyndaky garry aýallary hem ýalygyny aýyrmaga mejbur edipdirler.

Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň beren maglumatyna görä, 22-nji aprelde ir bilen gündogar Özbegistandaky Kokand bilen Margilanyň bazarlarynda milli howpsuzlyk gullugynyň ýerli işgärleri hyjaply gelen bir topar aýaly durzup, olary öz hyjabyny çykarmaga mejbur edipdirler.

Özbek gullygy "Milli howpsuzlyk işgärleri öz eden işiniň sebäbini düşündirmedigem bolsa, bu hereket Orta Aziýa hökümetleriniň "yslam eginbaşy halky dini radikallyga iterýär" diýen düşünjä eýerýändiginiň alamatydyr" diýip belleýär.

Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habaryna görä, howpsuzlyk işgärleriniň bazarlardaky reýdleri 23-nji aprelde hem gaýtalanypdyr we şonda hemmeler hyjabyň zor bilen çykardylmagynyň bir gezeklik çäre bolmandygyna göz ýetiripdirler.

Bir zenanyň gürrüň bermegine görä, ol howpsuzlyk işgäri öz hyjabyny çykarmagyny haýyş edende, hyjabyny aýrypdyr we olar gidenden soň täzeden hyjabyny bürenipdir. Soňra howpsuzlyk işgärleri täzeden onuň ýanyna gelip, duýduryş beripdirler. Zenan ahyrynda bazary terk edipdir we howpsuzlyk işgärleriniň gözünden saýlanandan soň gaýtadan hyjabyny bürenipdir.

Bir şaýadyň beren maglumatyna görä, howpsuzlyk gullugynyň işgärleri hatda 50-60 ýaşyndaky garry aýallary hem ýalygyny aýyrmaga mejbur edipdirler.

Özbegistanda zenanlaryň ýalygyny gadagan etmeklik baradaky ilkinji kampaniýa ýurtda 1927-nji ýylda geçirilipdir. Şonda sowet hökümeti zenanlaryň ýalyk, atynja we perenji daňynmagyny we atynmagyny gadagan edipdir.

Sowet häkimiýeti resmi ýagdaýda şeýle etmeklik bilen, Sowet Soýuzynyň bagtly ýaşaýşy üçin Orta Aziýadaky konserwatiw sebitlerde ýaşaýan zenanlara azatlyk getirmek isläpdir. Moskwadaky näresmi häkimýet güýçleri bolsa olaryň geýnişlerine yzagalak halklaryň eginbaşy hökmünde baha beripdirler. Olaryň pikrine görä, Sowet Soýuzy diňe öňe gitmelidi.

Sowet ýolbaşçylarynyň bu hereketleri käbir ýagdaýlarda zenanlaryň başyndaky ýalyklarynyň hem atynjalarynyň zor bilen ýyrtylmagyna çenli baryp ýetipdir. Bu ugurda ikinji kampaniýa 1987-nji ýylda bolupdyr. Şonda Özbegistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň sekretary Rano Abdullaýewa komsomollara beren görkezmesinde olara zenanlaryň ýalyklaryny we atynjalaryny zor bilen aýyrmaklygy tabşyrypdyr.

"Temir hotin" (Demir aýal) diýip at alan Abdullaýewa zenanlaryň ýalyk daňynmazlygyny we şonuň ýaly-da surata düşende ýa-da suraty çekilende zenanlaryň ýalyksyz bolmagyny talap edipdir.

Golaýda ýurduň gündogarynda ýüz beren soňky kampaniýadançen tutulsa, onda ol diňe zenanlaryň garşysyna gönükdirilen däl ýaly bolup görünýär.

Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, ýurtda milli tahýa geýýän erkek adamlar hem häkimýetiň oňaýsyz garaýşyna duçar bolýarlar. Ýöne munuň bilen baglanyşykly hiç kim bir garaýyş beýan etmek islänok. Belki-de, bu tahýalardaky gara-ak reňkleriň ”Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň göterýän baýdagynyň reňklerini ýada salýandygy bilen baglanyşykly bolup biler.

XS
SM
MD
LG