Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garyplyk ýetginjekleri durmuşa çykmaga mejbur edýär


Täjik gyzlary.
Täjik gyzlary.

Täjigistanyň adam hukuklaryny goraýan guramalary ýurtda ene-atalaryň garyplyk sebäpli mekdepde okap ýören ýetginjek gyzlaryny durmuşa çykarýandyklaryndan aladalanma bildirýärler. Maşgala durmuşyna uýgunlaşyp bilmeýän ýetginjekleriň bir bölegi soň aýrylyşýarlar. Hukuk goraýjylar gyzlaryň nika ýaşynyň 24-e çykarylmagy ugrunda tagalla edýärler.

Täjigistanyň hukuk goraýjylary, ýurtda ene-atalaryň maşgalada "artykmaç" bir bokurdakdan dynyp, garyplygyň ýüküni ýeňletmek umydy bilen kämillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlary durmuşa çykarýandygy bilen baglanyşykly her ýyl bolup geçýän onlarça şeýle hadysa ünsi çekýärler.

Netijede şol gyzlar ýokary okuw okamaklyk beýlede dursun, orta mekdebi hem tamamlap bilmeýärler.

Öz ykbalyňy kesgitlemäge hukugyň ýok

Golaýda "Çagalaryň halas edilmegi" atly jemgyýetiň hukuk goraýjy işgärleri Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Kulýap şäherinde ýaşaýan 16 ýaşyndaky mekdep okuwçysy Madina atly gyzyň durmuşa çykarylmagynyň öňüni alypdyrlar.

Gyzy ejesi ekleýär ekeni. Maşgalasy gaty garyp ýaşaýandygy sebäpli onuň ejesi, öz hossarlarynyň maslahat bermegi bilen, Madinany durmuşa çykarmaga synanyşypdyr. Adam hukuklaryny goraýan işgärleriň tagallalary ony raýyndan gaýtarypdyr.

"Çagalaryň halas edilmegi" atly jemgyýetiň başlygy Kurbongul Kasymowanyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyndan Zarangez Nawruzşa beren maglumatyna görä, guramanyň tagallalary netijesinde 2014-nji ýylda ýaşy 15 bilen 17-niň arasynda bolan 22 sany ýetginjek gyzyň durmuşa çykarylmagynyň öňi alnypdyr.

Şeýle nikalar Täjigistanyň daglyk sebitlerindäki çet obalarda giň ýaýran. Ene-atalar kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň durmuşa çykarylmagy üçin olaryň dokumentlerini galplaşdyrýarlar we olaryň ýaşyny ulaldýarlar.

Hukuk goraýjylaryň bellemegine görä, fiziki hem ruhy taýdan agyr maşgala şertlerine we enelige taýyn bolmadyk ýetginjek gyzlar ahyrynda aýrylyşmaly bolýarlar. Şeýle wakalarda adamsy bilen gaýyn enesiniň ýaşajyk gelinlere rehimi inmeýär. Munuňam üstesine, ahyrynda gyzjagazlar elinde suw ýaly bäbegi bilen diňe bir bilimden däl, eýsem işden, eklençden hem ibaly ýaşaýyş şertlerinden mahrum galýarlar.

Jemgyýet ýazgarmaýar

"Çagalara zulum edilmegine garşy" atly guramanyň işgäri Nigora Mahmudowa, owaly bilen eline hünärini alyp bilmegi, soňam maşgala gurmaga doly ukyby bolar ýaly gyzlaryň nika ýaşyny 18-den 20-ä ýa-da 24 ýaşa çenli ýetirmäge çagyrýar.

Jemgyýetçilik aktiwistleriniň aýtmagyna görä, umuman alnanda, Täjik jemgyýeti kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň durmuşa çykarylmagyny ýazgarmaýar. Ýurtda giň ýaýran yryma görä, ýetginjek gyzlar adamsynyň we gaýyn enesiniň garamagynda has gowy terbiýe alýarlar.

2010-njy ýyldan bäri Täjigistanyň kanunlary 18 ýaşdan öň nikadan geçilmegini gadagan edýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlary durmuşa çykaran ene-atalara iki ýyl möhlet bilen jemgyýetde özüňi düzeldiş işi kesilýär ýa-da bäş ýyl azatlygyny çäklendirmek jezasy berilýär.

2014-nji ýylda, resmi hasabatlara görä, sekiz million ilatly Täjigistanda aýrylyşýanlaryň sany öňki ýyla görä 15% köpelip, ol dokuz müňden hem geçipdir.

Binika çagalar

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň nikasy Orta Aziýa ýurtlarynyň has öňden gelýän problemasydyr. Gyrgyzystanda hem nika ýaşy, edil Täjigistandaky ýaly, 18 ýaş görnüşinde kesgitlenen. Ýöne özara ylalaşyk bolan ýagdaýynda gyz 17 ýaşynda hem durmuşa çykyp bilýär, munuň üçin ol göwreli ýa-da çagaly bolmaly.

Oşdaky "Ynsan diamond" we "Bir dünýä" atly guramalaryň günorta Gyrgyzystanda maşgaladaky zorluk babatda geçiren hasabatyna görä, gürrüňdeşlik geçirilen iki müňden gowrak aýalyň 12%-i kämillik ýaşynyň üstünde ýa-da ondan soň durmuşa çykypdyr.

Kämillik ýaşyna ýetmänkä gyýlan nikalaryň 79%-i ýaş gelniň tamany ödemänligi sebäpli soňra aýrylyşmak bilen gutarypdyr. Ýerli adata görä, kämillik ýaşyna ýetmedik gelinleriň adamsynyň we onuň hossarlarynyň göwnünden turmagy, ýagny özünden edilýän tamany ödemegi talap edilýär.

Özbegistan

Özbegistanyň kanunlary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň nikasy üçin pul jerimesi, jemgyýetde özüňi düzeldiş işi ýa-da 4 aýa çenli azatlykdan mahrum edilmek ýaly jezalary göz öňünde tutýar. Özbegistanda erkek adamlara 18 ýaşyny dolduransoň öýlenmäge rugsat berilýär.

Gyzlara bolsa 17 ýaşda durmuşa çykmaga ygtyýar berilýär. Ýurtda kämillik ýaşyna ýetmediklere nika gadaganlygy iki ýyl mundan owal güýje girizildi. Ýöne maşgala kodeksine görä, "oňaýsyz hasaplanmaýan adatdan daşary ýagdaýlarda" etrap ýa-da şäher häkimi taraplaryň haýyşyny göz öňünde tutup, nika ýaşyny bir ýyldan geçmeýän möhletde azaldyp bilýär.

UNFPA atly fonduň 2013-nji ýyla degişli hasabatyna görä, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň nikasy ýurduň günortasyndaky Fergana jülgesinde has giň ýaýran. Bu sebitde irki nikalar ortaça hasap bilen umumy nikalaryň 14%-ne barabardyr. Bütin ýurt boýunça bolsa bu san 8-9%-e golaýlaýar.

"Gazagystanyň zenanlar ligasy" atly guramasynyň 2014-nji ýyldaky hasabatyna görä, her ýyl ýurtda ortaça üç müň maşgala irki nikadan geçýär. Munuň esasy sebäpleri bolsa - dini adatlar we gyzlaryň, entek kämillik ýaşyna ýetmänkäler göwreli bolmagydyr.

Gazagystanyň Maşgala we Nika kodeksine görä, nika ýaşy diňe gyz göwreli galanda, çaga doglanda ýa-da taraplaryň we olaryň ene-atasy ýaly degerli hossarlarynyň gatnaşmagynda ýörite arza bilen ýüz tutulanda, nika ýaşy iň köp bolanda iki ýyl aşak düşürilip bilinýär.

XS
SM
MD
LG