Sepleriň elýeterliligi

Doganlar Nawalnylara baýrak berildi


Alekseý Nawalnyý (ç) we onuň dogany Oleg (s)

Alekseý Nawalnyý (ç) we onuň dogany Oleg (s)

Kremliň ýiti tankytçysy Alekseý Nawalnyý we onuň dogany Oleg köpçüligi totalitar režimleriň işleri bilen habarly etmek boýunça ýokary derejeli baýrak bilen sylaglandylar.

Ýewropanyň ýadygärlik we wyždan platformasynyň resmi websaýtynda çap bolan maglumata görä, hökümete degişli bolmadyk bu guramanyň agzalary doganlar Nawalnylary sylaglamak we “olaryň Orsýet Federasiýasynda esasy demokratik gymmatlyklary we azatlyklary goramak ugrunda şahsy edermenligini, göreşini we ejir çekmegini ykrar etmek” üçin ses berdiler.

Alekseý Nawalnyý baýragyň gowşurylyş dabarasynyň 6-njy maýda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde boljakdygyny Twitter arkaly çap eden maglumatynda habar berdi.

Alekseý Nawalnyý Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň açyk tankytçysy we 2011-2012-nji ýyllarda Moskwada bolan protestlerde itergi beriji güýç bolupdy.

Alekseý Nawalnyý we onuň dogany Oleg 2008-2012-nji ýyllar aralygynda iki orsýetli şirketden uly möçberde pul ogurlamakda aýyplanyp, dekabr aýynda günäli tapylypdylar. Alekseý Nawalnyý üç ýarym ýyllyk şertli tussaglyga höküm edildi. Onuň dogany Oleg Nawalnyý Orsýetiň Orýol regionynda üç ýarym ýyl koloniýa tussaglygyna höküm edildi.

Doganlaryň ikisi-de özlerine ýöňkelen aýyplamalaryň syýasata ýugrulandygyny aýdýarlar.

Höküm çykarylan wagtynda Alekseý Nawalnyý ogurlyk bilen bagly başga bir aýyplama esasynda kesilen iş boýunça şertli tussaglyk möhletini başdan geçirýärdi.

Alekseý Nawalnyý özüne garşy iş gozgalmagyny öz alyp barýan oppozision hereketi bilen baglanyşdyrýar.

Ýewropanyň ýadygärlik we wyždan platformasynyň baýragy her ýylda bir gezek berilýär we ol totalitarizme garşy göreş alyp barýan, demokratiýanyň gymmatlyklary, adam hukuklary we azatlyklary, şeýle-de kanunyň hökmürowanlygy ugrunda çykyş edýän şahslara gowşurylýar.

Ýewropanyň ýadygärlik we wyždan platformasy hökümete degişli bolmadyk gurama bolup, 18 ýurdy we 50 çemesi guramany birleşdirýär. Gurama öz agzalary arkaly Ýewropanyň azyndan 200 müň graždanlaryna we Demirgazyk Amerikanyň 1 milliondan gowrak graždanlaryna wekilçilik edýär.

XS
SM
MD
LG