Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fabius: Moskwadaky dabaralara gatnaşjak


Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius II Jahan Urşunyň tamamlanmagynyň 70-nji ýyl dönümi mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçiriljek dabaralara gatnaşmagy planlaşdyrýar.

Fabius Moskwa etjek bu sapary barada 9-njy maýda radioda beren interwýusynda mälim etdi.

Moskwa bu dabara halkara guramalarynyň liderleriniň we döwlet baştutanlarynyň 68 sanysynyň çagyrylandygyny mälim edendigine garamazdan, Russiýanyň Krymy bikanun anneksiýa etmegi we Russiýanyň gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy halkara derejesinde ýazgarylan mahaly, liderleriň diňe 20 sanysy dabara gatnaşjakdygyny tassyklady.

Dabara gatnaşjak resmileriň arasynda Hytaýyň prezidenti Si Jinping, Kubanyň prezidenti Raul Kastro, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun dagylar bar.

XS
SM
MD
LG