Sepleriň elýeterliligi

Bolliwud: Salman Hana bäş ýyl kesildi


Hindistanyň Mumbaý şäherinden gelip gowuşýan maglumatlara görä, ýurduň sudy Bolliwudyň meşhur ýyldyzy Salman Hany awtoulagy bilen bir adamy kakyp, soňra gaçyp gitmekde günäli tapdy.

Bu sud karary 2002-nji ýylda Hanyň ýol heläkçiliginde öýsüz-öwzarsyz bir adamy öldürmegi bilen baglanyşykly sud işi dogrusynda çykaryldy.

Şol wakada Han “Toyota Land Cruiser” kysymly awtoulagyny Mumbaýyň çetindäki ýanýodada ýatan öýsüz-öwzarsyz adamlaryň üstüne sürmekde aýyplanypdy.

6-njy maýda 49 ýaşly Han Hindistanyň sudy tarapyndan bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Hindistanyň metbugat serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, Bolliwud studiolary Hanyň öňünden gol goýan kinofilmleriniň önümçiligini ýatyrmak arkaly 31 million amerikan dollaryndan gowrak pul serişdesini ýitirip biler.

XS
SM
MD
LG