Sepleriň elýeterliligi

ÝB Belarusyň kararyny ýazgarýar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygynyň edarasy Belarusyň sudunyň, oppozision syýasatçy Mikalaý Statkewiçe garşy çykarylan höküme goşmaça jeza çärelerini girizmek baradaky kararyny ýazgardy.

Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň metbugat wekili Maýa Koçiýançiç 6-njy maýda beren maglumatynda Statkewiçiň türmedäki tertip-düzgünleri bozandygy öňe sürlüp, kamera görnüşli türmä geçirilmegi baradaky karar “ýürek agyrdyjy” diýdi.

Koçiýançiç Statkewiçi “Belarusdaky syýasy tussag” diýip häsiýetlendirip, onuň “2010-njy ýylyň dekabr aýynda tussag edileni bäri kabul edip bolmajak daramalara sezewar bolandygyny” aýdýar.

Statkewiç 2010-njy ýylyň dekabr aýynda awtoritar prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň gaýtadan prezidentlige saýlanmagynyň yzýany, “köpçülikleýin bidüzgünçiligi guramalaşdyrmakda” günäli tapylypdy.

XS
SM
MD
LG