Sepleriň elýeterliligi

7-nji maýda italian kompozitory Antonio Salýeriniň ýogalanyna 190 ýyl dolýar (18-nji awgust, 1750 /Legnago (Italiýa) - 7-nji maý, 1825 /Wena (Awstria).

Italian klassyk kompozitory Antonio Salýeri 18-nji asyryň aýagyndaky opera sungatynyň ösüşinde esasy sütünleriň biri hasaplanýar. Ol öz döwründe opera kompozisiýalarynyň bir topar aýratynlyklarynyň işlenip düzülmegine we kämilleşdirilmegine kömek eden bolsa, soň onuň sazlary häzirki zaman kompozitorlaryna uly täsir ýetirdi.

Gurply maşgalada kemala gelen, Florian Leopold Gassmandan sapak alan Salýeri kosmopolit kompozitor bolup, üç dilde opera ýazypdyr. Emma muňa garamazdan, ol öz uly adam hökmündäki ömrüni Habsburg monarhiýasynyň raýatlygynda geçiripdir. Şu günki günlerde ol örän ýygy-ýygydan we ýalňyşlyk bilen Wolfgang Amadeus Mozartyň ölümi bilen baglanyşdyrylýar diýip, Salýeriniň belli senesi baradaky habarda aýdylýar.

Habsburg köşgünde Italian operasynyň direktorlygyna (1774–92) we Awstrianyň kapellmeisterligine (1788-1824) bellenen Salýeri Wenada italian dilindäki operada esasy adam bolýar. Ol öz karýerasy mahalynda Wenesiýadaky, Rimdäki, Pariždäki opera teatrlary üçin hem opera ýazýar.

Onuň drama eserleri tutuş Ýewropada giňden sahnalaşdyrylýar. Hatda 1804-nji ýylda, onuň eserlerini sahnalaşdyrmak bes edileninden soň hem, ol öz neslinde iň bir möhüm we gözlegli mugallymlaryň biri bolupdyr.

Mundanam başga, onuň täsiriniň Wenanyň saz durmuşynyň ähli ugrunda duýlandygyny aýdýarlar. Salýeriden sapak alyp, soň meşhur sazanda we kompozitor bolanlaryň arasynda Franz Schubert, Ludwig van Beethoven, Franz Liszt, Franz Xaver Mozart – Mozartyň ogly hem bar.

Salýeriniň gaýdyp gelmegi

Salýeriniň sazlary 1800-nji we 1868-nji ýyllaryň arasynda ýuwaşlyk bilen repertuarlardan ýitirim bolýar we şondan soň onuň sazlary 20-nji asyryň aýagynda gaýtadan meşhur bolup başlaýança juda seýrek eşidilýär.

Bu galkynyş Salýeriniň Piter Şafferiň 1979-njy ýyldaky «Amadeus» spektaklynda döredilen dramatik we aşa toslama obrazy bilen bagly. Bu obraz soňra Holliwudyň çeh asylly kinorežissýory Miloş Formanyň 1984-nji ýylda bir topar Oskar utan filminde has giňden açylyp görkezildi.

Onsoň, häzire-bu güne çenli Salýeriniň haýsy görnüşiniň hakykata has gabat gelýändigini aýtmak kyn: ýagny ol Mozarty wagtyndan öň gabra dykan jellat bolupdyrmy ýa-da bir ýaramaz kompozitor bolupdyr?

Kinoda beýan edilýän dramatiki wakalar toslama-da bolsa, 1781-nji ýylda, 25 ýaşyndaky Mozart Wenada öý tutanda, ondan alty ýaş uly Salýeriniň eýýäm ykrar edilen ýyldyz bolandygy welin anyk.

Mozart zäherlenmändir

Mozart ýaly ýaş we hyjuwly kompozitoryň Salýeriniň ýoldan sowulmagyny islemegi hem bolup biljek zat, emma bu ýerde başga-da ýol barmy? Muny aýtmak kyn. Öňüni gabalamaga derek, Salýeri Mozartyň sazlaryna köp drižýorlyk edipdir.

Mozartyň ölümine bolsa, abraýly saz žurnalynda aýdylmagyna görä, zäherlenme däl-de, «agyr iş we ýalňyş saýlanan dostlar bilen tirkeşmek» sebäp bolupdyr. Bu Salýeriniň Mozarty ol öleninden soň ýigrenip başlamagynyň ýeke-täk hakyky sebäbi bolupdyr.

Ozalkylaryndan tapawutlylykda, Mozartyň sazlaryny çalmak dowam etdirilipdir. Emma Salýeri öz ömrüniň soňky ýigrimi ýylynda tasdan hiç saz ýazmandyr. Muňa derek, ol öňki işlerini gaýtadan gözden geçiripdir.

Mozart ömrüniň soňky hepdelerinde özüniň zäherlenendigine ynanypdyr we Wena köşgündäki duşmançylykly italian fraksiýalaryny aýyplamaga çenli baryp ýetipdir. Şondan kän wagt geçmänem adamlar Salýerä barmak çommaltmaga başlapdyr we bu baradaky myş-myşlar 20 ýyl soňam galmandyr. Hatda Rossini 1822-nji ýylda, Salýerä duşanda, bu gürrüňi ýatladyp, henek edipdir.

Salýeri 1823-nji ýylda, dimensiýadan ejir çekip, akyly üýtgän halda hassahana ýerleşdirilýär we onuň şol ýerde özüni Mozarty öldürmekde aýyplandygy aýdylýar. Emma ol akylyna aýlanan wagty, bu aýdanlaryny yzyna alýar. Ýöne ýetjek zyýan ýetipdir.

Döredijilik adamlarynyň köpüsi bu zäherleme gürrüňine güp ynanypdyr we hatda Aleksandr Puşkin Salýeriniň ölüminden bäş ýyl soň ýazan Kiçi tragediýasynda ony ganhor edip görkezipdir.

Gepiň gerdişine aýtsak, türkmen şahyry Gurbannazar Ezizow hem Mozartyň Salýeri tarapyndan zäherlenendigine ynanypdyr we «Pikir derýasynda akyl gämisi» atly eserinde şeýle ýazypdyr:

«Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ähli döwürleriň geniý nesili,
Ýanyp ýaşaýarlar ahyr içmäge
Salýeriň awuly pyýalasyny.»

Sazlary Mozartyň möhür goýan belentlikleriniň derejesine seýrek göterilýän hem bolsa, Salýeri gaýtadan öwrenilýär we onuň käbir operalary we instrumental işleri täzeden meşhurlyk gazanýar.

Antonio Salýeri fondy tarapyndan maliýeleşdirilýän Salýeri Opera festiwaly onuň dogduk şäheri Legnagoda ýyllyk güýz çäresine öwrüldi we ol ýerdäki teatra Salýeriniň ady dakyldy. Ol Wenadaky Zentralfriedhof gonamçylygynda jaýlanan.

(Kompozitoryň terjimehaly baradaky materiallar esasynda taýýarlanyldy.)

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG