Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan sudy dört adamy ölüme höküm etdi


Farhundany öldürenlere ölüm jezasy berildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Farhundany öldürenlere ölüm jezasy berildi

6-njy maýda Owganystanyň sudy Kabulda Gurhany otlamakda galp aýyplanan zenanyň köpçüligiň öňünde urlup öldürilmegine gatnaşandygy üçin dört adamy ölüm jezasyna höküm etdi. Bu dört adam 49 adamyň, şol sanda 19 polisiýa ofiseriniň hatarynda suda çekilipdi.

Farhunda atly 27 ýaşly zenana 19-njy martda edilen hüjümiň wideosy internetde peýda bolansoň, bu waka ilatda gahar-gazaby tutaşdyrdy we köçe protestlerini döretdi. Farhunda Owganystanyň paýtagtynyň Şah-e Do-Şamşera gonamçylygynyň golaýynda ýenjilip öldürilipdi we yz ýany otlanyp, Kabul derýasyna taşlanypdy.

Suduň karary

Telewideniýe arkaly göni efirde görkezilen çykyşynda sudýa Safiullah Mujadidi agzalan dört adamyň ençeme jenaýatçylykda, şol sanda adam öldürmekde, Farhundanyň jesedini otlamakda we zenanlara garşy zorluklarda günäli tapylandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol beýleki sekiz adamyň 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini we olaryň zenanlara garşy zorlukda we hüjümdäki roly bilen bagly beýleki jenaýatçylyklarda günäli tapylandygyny aýtdy.

Suda çekilenlerden ýene 18 adamyň subutnamalaryň ýetmezçiligi sebäpli günäsi tassyklanmady. Bu ýagdaý subutnama toplamak boýunça owgan häkimiýetleriniň döreden toparynyň agzalary tarapyndan ýazgaryldy.

Toparyň agzalarynyň AÝ/AR-a aýtmagyna görä, olar agzalan 18 adam boýunça suduň çykaran kararyndan şikaýat etmekçi, sebäbi şol adamlar golaýda durup, jenaýatyň öňuni almak üçin hiç hili hereket etmändigi üçin jogapkärçilige çekilmeli.

Polisiýany günäsi

Polisiýa ofiserleriniň işine 10-njy maýda seredilmegine garaşylýar. Hüjümiň bolan giňişliginde wezipe borçlaryny ýerine ýetiren polisiýa işgärleri zulumyň öňüni almak ýa-da ony togtatmak üçin hiç zat etmezlikde aýyplanýarlar.

Farhunda gonamçylykda zenanlary öz pullaryny doga-tumar satýanlara we pal atýanlara sarp etmezlige çagyrypdy. Şaýatlar söwdagär erkekleriň ony Gurhany otlamakda galp aýyplandygyny we munuň zenana garşy zorlugy tutaşdyrandygyny gürrüň berdiler.

Polisiýa zenanyň Gurhany otlandygyny subut edýän hiç hili tassyklamanyň tapylmandygyny aýtdy. Farhundanyň öldürilmegi Owganystanda öň görlüp-eşidilmedik protestleri tutaşdyrdy.

Şeýle-de bu waka ruhanylaryň häkimiýetini çäklendirmegi, kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmegi we aýallaryň hukuklaryny goramagy talap edýän raýat jemgyýetçiligini herekete getirdi.

Şol bir wagtda-da käbir jemgyýet we dini şahsyýetler Farhundanyň Gurhany otlandygy tassyklanan halatynda onuň öldürilmeginiň hakly bolup biljekdigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG