Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan Ýeňiş gününi belleýär


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew II Jahan Urşunyň tamamlanmagynyň 70-nji ýyl dönümini bellemek maksady bilen, gazak paýtagty Astanada harby paradyň açylyş dabarasyny geçirdi.

Bu dabaralar öňki sowet respublikalarynda 9-njy maýda bellenilýän mahaly, Gazagystan Nazarbaýewiň 9-njy maýda Moskwada geçiriljek dabaralara gatnaşyp bilmegi üçin bu senäni 7-nji maýda belleýär.

Gazagystanyň “Ata Watany goramak” güni bilen hem tanalýan Milli armiýa güni hem 7-nji maýda bellenilýär.

Astanada geçirilen paradyň başynda Nazarbaýew harbylary “Ata Watany goramak güni we Ýeňiş güni bilen” gutlady.

5 müňden gowrak goşunyň gatnaşmagynda geçirilen bu parad, Gazagystan 1991-nji ýylda öz garaşsyzlygyny alany bäri ýurtda geçirilen iň uly paraddyr.

XS
SM
MD
LG