Sepleriň elýeterliligi

Kreml: Karimow dabaralara gatnaşýar


Kreml Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň II Jahan Urşunyň tamamlanmagynyň 70-nji ýyl dönümi mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyny aýdýar.

Bu baradaky maglumat 7-nji maýda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow tarapyndan mälim edildi. Ol Karimowyň Putiniň çakylygyny kabul edendigini aýtdy.

Bu maglumaty henize çenli Karimowyň edarasy tassyklap çykyş etmedi.

Soňky hepdelerde Karimowyň kömekçileri özbek prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaralara gatnaşmajakdygyny nygtap yzygiderli çykyş edipdiler.

XS
SM
MD
LG