Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Gunduzda çaknyşyklar artýar


Gunduz welaýatynyň azyndan dört territoriýasynda owgan hökümet güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasyndaky çaknyşyklar güýçlendi. 7-nji maýda bolýan bu çaknyşyklar hökümet güýçleri, söweşijileriň demirgazykda amala aşyran giň gerimli hüjümleri döwründe basyp alan territoriýalaryny gaýtadan yzyna almak üçin hüjümleri başladan mahaly bolup geçýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň berýän maglumatyna görä, 7-nji maýda Gunduz welaýatynyň paýtagtynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Ali-Abad, Çardara we Ymam Sahib etraplarynda, şeýle-de Gül Tepe atly territoriýasynda uruşlar bolupdyr.

Gunduz welaýat häkimi Mohammad Omar Safiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 24-nji aprelde “Talyban” hereketi öz ýazky hüjümlerini amala aşyryp başlany bäri, 190 çemesi söweşiji we 20 hökümet esgeri öldürilipdir.

Safiniň aýtmagyna görä, Gunduz welaýatyndaky çaknyşyklar zerarly 10 müň çemesi owgan maşgalasy öz öýlerini terk edip başga ýere göçmäge mejbur bolupdyr.

XS
SM
MD
LG