Sepleriň elýeterliligi

Eýran saklanan ýük gämisini goýberdi


Eýranyň Daşary işler ministrligi ýokarsynda Marşal adasynyň baýdagy bolan ýük gämisiniň boşadylandygyny tassyklady. Şol ýük gämisi aprel aýynyň ahyrynda Eýranyň Hormuz bogazyndaky patrulçy katerleri tarapyndan ele salnypdy.

Ministrligiň 7-nji maýda beren maglumatynda “Maersk Tigris” atly gäminiň 24 sany ekipaž agzasynyň hem goýberilendigi we gäminiň Eýranyň territorial suwlaryny terk edendigi mälim edilýär.

Gürrüňi gidýän ýük gämisi, “Maersk” alty daniýaly kompaniýanyň Eýrandaky hususy firma bermeli karzlary bilen baglanyşykly dawalar artan mahaly, 28-nji aprelde saklanypdy.

Eýranyň häkimiýetleri “Maersk Tigris” gämisiniň we onuň ekipaž agzalarynyň, ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän karz meselesi çözülen halatynda goýberiljekdigini nygtapdylar.

XS
SM
MD
LG