Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: 1 tussag öldi, 15 sanysy ýaralandy


Russiýanyň resmileri inçekeselli tussaglar üçin niýetlenen türmede dörän gozgalaňyň netijesinde azyndan bir tussagyň ölendigini we başga-da 15 sanysynyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Russiýanyň Federal jeza beriş guramalarynyň regional bölüminiň metbugat wekili Ýelena Nikişowanyň 7-nji maýda beren maglumatyna görä, Nižniý Nowgorodyň çetindäki tussaghanadan ewakuasiýa edilen tussag operasiýa mahalynda ýogalypdyr.

Nikişowanyň aýtmagyna görä, tussaglaryň sekiz sanysy agyr ýaralanypdyr. Şeýle-de, ol wakada hiç bir türme sakçysyna ýa-da asuda raýata zeper ýetmändigini sözüniň üstüne goşdy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, 6-njy maýda 100 çemesi tussag türmäniň iki binasyny otlap, howpsuzlyk kameralaryny, mebelleri döwüpdir we beýleki tussaglara hüjüm edipdir.

XS
SM
MD
LG