Sepleriň elýeterliligi

Yrakly žurnalist öz öýünde atylyp öldürildi


Yrakdan gelip gowuşýan maglumatlarda yrakly dünýewi žurnalistiň Bagdatdaky öýünde atylyp öldürilendigi habar berilýär.

Yragyň Žurnalistika azatlygy boýunça synçy toparyň berýän maglumatyna görä, 5-nji maýda Bagdadyň Kadisiýah sebitinde žurnalist Raed al-Juburi “ýüregine atylan okuň netijesinde ýogalypdyr”.

Agzalýan topar al-Juburiniň öldürilmeginiň arkasynda nähili sebäbiň bardygy hakynda henize çenli takyk maglumatyň ýokdugyny belleýär.

Emma Juburiniň kärdeşleri oňa haýbat atylýandygyny we özüne bir zat bolan halatynda habarlaşmak üçin ýakynda Žurnalistika azatlygy boýunça synçy toparyň telefon belgisini alandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, žurnalistiň kärdeşleri, Juburi Yragyň syýasatçylaryny ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlary we ykdysady kynçylyklary bilen baglanyşykly aýyplamakdan çekinmeýärdi diýýärler.

XS
SM
MD
LG