Sepleriň elýeterliligi

Andreý Makarewiç: "Bizi urşa taýýarlaýarlar"


Andreý Makarewiç Moskwada geçirilýän parahatçylyk ýörişine gatnaşýar. 15-nji mart, 2014 ý.

Andreý Makarewiç Moskwada geçirilýän parahatçylyk ýörişine gatnaşýar. 15-nji mart, 2014 ý.

“Başga ýurda göçsem, näme ederkäm? Arkaýyn hormatly dynç alyşda ýaşap bilermikäm? Parkda it gezdireýinmi? Men beýle durmuşda ýaşamany başaramok”.

Russiýa hökümetiniň Krym barasyndaky syýasaty babatda öz garaýşyny beýan edenden soň rokçy Andreý Makarewiçe gysyşlar başlapdyr. Onuň gastrol çykyşlary çäklendirilipdir. Makarewiçi "faşist maşinist", ony goldaýanlary bolsa "Kiýew hökümetiniň" tarapdarlary diýip atlandyrýarlar.

"Ildeşler bilen söhbet" atly aýdymyňyzda şeýle sözler bar: "Kelläňi şol guta sokup ýatma!". Ors telekanallarynda sizi şeýle ynjalyksyzlandyrýan ýagdaý näme?

“Meni efire berilýän gepleşiklerde berilýän maglumatlaryň obýektiw däldigi we çakdanaşa agressiwlik biynjalyk edýär. Adamlaryň arasyndaky gapma-garşylyklar möwjeýär we olar biri-biriniň sözüni kesýärler. Gije-gündiz yzly-yzyna goýberilýän uruş maglumatlary meni ynjalyksyzlandyrýar. Men göýä kimdir biri bizi urşa taýýarlaýan ýaly duýýaryn”.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşamy?

“Anyk aýdyp biljek däl. Şeýle uruş bolmaz diýip umyt edýärin. Ýöne uruş çagyryşlary meni gaty erbet biynjalyk edýär. Men sowet döwrüni başdan geçiren biri hökmünde uruş çagyryşlarynyň nämedigini gaty gowy bilýärin”.

Şondan ugur alyp, "Hemmämiz zir-zibiliň içinde!" diýdiňizmi? Häzirki ýagdaýdan çykalga ýokmy?

“Birinji şuny bilmeli, hemme zat geçer gider. Ikinjiden, hökman ylalaşjak bolmaly. Biz dünýäde käbir adamlaryň birek-biregi hiç hili halamaýandygyna gaty gowy düşünýäris. Maňa öz goňşy ýurduny halaýan ýekeje bir döwlet görkeziň şu dünýäde? Beýle ýurt ýokdur. Ýöne ýaşaýan planetamyz gaty kiçijik. Şonuň üçinem her edip, hesip edip ylalaşjak bolmaly. Betbagtçylykly hadysalar döremez ýaly dialog bilen razylaşyp hereket etmelidiris. Bolan boldy, geçdi gitdi. Dünýäniň indi gaýdyp owalky ýagdaýyna gaýdyp geljegine ynanamok”.

Siziň pikriňizçe, Russiýada Meýdan wakasy döräp bilermi, bu mümkinmi?

“Edil häzirki ýagdaýda bolup bilmez”.

Onda, haçan bolup biler?

“Bilemok. Dogrusyny aýtsam, indi biz dartgynly döwre girdik we dartgynlylyk gün saýyn çuňlaşýar. Aýdaly dollar iki esse gymmatlady. Ýöne esasy azyk önümleriniň bahalary iki esse däl, gaty az ýokarlandy. Şonuň üçinem häzirlikçe durgunlyk höküm sürýär. Üstesine, orslar uzak wagtlap sabyr edip bilerler. Halk uzak wagtlap sabyr eder. Haçan-da sabry gutaranda, gaty uly betbagtçylyklar bolar”.

Russiýada siziň bilen pikirdeş bolanlary "makarewiçler" diýip atlandyrýarlar. Bu size agyr degenokmy? Ýa-da bu size ýaraýarmy?

“Bilşiňiz ýaly, maňa lak atan her akmaga jogap berjek bolsam, onda aňym ýerinde bolmaz. Men olary göremogam we görjegem bolamok. Sebäbi durmuş gaty gysga. Dünýäde has gyzykly zatlar barka, olara ünsem berjek bolup duramok!”

Putine ýazan hatyňyz barada maglumat soramakçy...

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Andreý Makarewiç.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Andreý Makarewiç.

“Ynha, görüň onuň üstünden näçe wagt geçdi. Siz henizem Putine ýazan hatymdan söz açýarsyňyz! Hiç ýadyma düşenok. Siziň haýsy hat hakda soraýanyňyzy bilemok”.

Ol size jogap berdimi?

“Elbetde, ýok, bermedi”.

Basyşlar goýbolsun edildimi?

“Men özüme garşy hiç hili basyşyň bardygyny duýamok. Men indi göze görünmeýän adama öwrüldim. Hemmeler meni tanamadyksyran bolýarlar. Ýöne meniň bilen gyzyklanýarlar”.

Russiýadamy ýa-da ors telewizion kanallary äsgermedik bolýarlarmy?

“Russiýada. Ýöne meni çagyrýan käbir radio we telekanallar hem bar. Ýöne esasy telekanallar däl, ýagny döwlet kanallary däl. Aslynda bulam möhümdir. Umuman aýdylanda, bütin adamzada gowy görünmek ýaly bir maksadym ýok. Öz auditoriýam meniň özüme ýeterlik”.

Bilşime görä, dostlaryňyzyň aglabasy "Krym biziňkidir" garaýşynyň tarapynda durýan ýaly...

Andreý Makarewiç.

Andreý Makarewiç.

“Ýok, olar meniň dostum däl. Meniň bilen pikirdeş däller meniň dostum bolup bilmezler. Ýöne Krymyň alynmagyny goldaýan tanyşlarym bar. Bu meniň däl, eýsem olaryň problemasydyr. Olar "Krym biziňkidir" öýdýärler, ýöne men beýle hasap edemok”.

Olar bilen gatnaşmagy dowam edýäňizmi?

“Bizi birleşdirýän onlarça ugur bar. Bir pikir tapawutly geldi diýip, durup urşalymy? Beýle bolmaz-a”.

Siz häzirki döwürde Germaniýadaky ors diasporasynyň öňünde çykyş edýärsiňiz. Eýsem, siz Russiýany terk etmek isläňzokmy?

“Maňa muny baryp-ha 1979-njy ýylda teklip etdiler. Şonda eger şeýtsem, onda öz ata-babalarymy oňaýsyz ýagdaýa saljakdygym barada oýlandym... Näme üçin? Nirä gideýin? Häzirlikçe araçäkler açyk. Adamlar gelip-gidip, gatnaşyp durlar. Indi Moskwa gidip barýaryn. Bir gün soň Ukraina gastrola gitmekçi. Ondan soň bolsa Ysraýyla saparym bar. Başga ýurda göçüp näme edeýin? Arkaýyn hormatly dynç alyşda ýaşap bilermikäm? Parkda it gezdireýinmi? Men beýle durmuşda ýaşamany başaramok. Işlerimiň, dostlarymyň köpüsi watanymda. Durmuşa geçirmeli ideýalarym bar”.

Söhbetdeşligi geçiren: Marina Röttinger

XS
SM
MD
LG