Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kunar: ABŞ-nyň zarbasy 7 söweşijini öldürdi


Owganystanyň Kunar welaýaty
Owganystanyň Kunar welaýaty

Owganystanyň resmileri ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň hüjümi netijesinde Pakistan bilen serhetdäki Kunar welaýatynda ýedi söweşijiniň öldürlendigini habar berýärler.

Welaýatyň polisiýa ýolbaşçysy Abdul Habib Saýedheli 7-nji maýda amala aşyrylan bu hüjümiň soňky ýylda regionda hereket eden topara zarba urandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, toparyň ýolbaşçysy we onuň ogly bar öldürlenleriň arasynda. Ýerdi adam hüjümiň bolan wagtynda bir ulagda barýardy.

Owganystanyň durnuksyz regiony bolan Kunar esasan “Talyban” hereketi bilen gatnaşykdaky söweşijileriň Pakistan bilen serhetdeş regionlarda bolşy ýaly düýpli ornaşan ýeri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG